Palestinada referendum geçirmek; Eýranyň ara atýan çözgüdi
(last modified Tue, 23 Jul 2024 12:02:32 GMT )
Jul 23, 2024 17:02 Asia/Ashgabat
  • Palestinada referendum geçirmek; Eýranyň ara atýan çözgüdi

Naser Kanani: Basylyp alnan Palestinadäki häzirki bikanun ýagdaýy ýok etmegiň iň täsirli çözgüdi,Palestinanyň ähli ýaşaýjylaryň we esasy raýatlaryň gatnaşmagynda bu toprakda giňişleýin referendum geçirmekdir diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary  Naser Kanani: Basylyp alnan Palestinadäki häzirki bikanun ýagdaýy ýok etmegiň iň täsirli çözgüdi,Palestinanyň ähli ýaşaýjylaryň we esasy raýatlaryň gatnaşmagynda bu toprakda giňişleýin referendum geçirmekdir diýdi. Golaý-da Halkara Kazyýet diwany,Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky we Gündogar Kudusdäki Ysraýylyň tarapyndan şäherçeleriň gurulmagyny we ösdürilmegini   bikanun diýip atlandyrdy we bu işiň bes edilmegini isledi.Halkara Kazyýeti Palestinadäki basyp alyşlygy bes etmegiň zerurlygy barada ses berip, Howpsuzlyk Geňeşinden we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasyndan bu kararyň ýerine ýetirilmegi üçin jogapkärçiligi öz üstüne almagyny haýyş etdi.

Bu meselede hödürlenen çynlakaý meýilnamalaryň biri Eýran Yslam Respublikasyndandyr. Eýran Yslam Respublikasy, Palestinanyň statusyny kesgitlemek üçin palestinalylaryň arasynda referendum geçirmegiň zerurdygyny nygtaýar. Bu nukdaýnazary, rewolýusiýanyň lideriniň çykyşynda durman, Eýran Yslam Respublikasy tarapyndan BMG-ä diplomatik meýilnama görnüşinde hödürlenip, bu guramada hasaba alyndy.

 Bu meýilnama laýyklykda, mümkin bolan ýeke-täk çözgüt, ähli palestinalylaryň, şol sanda musulmanlaryň, hristianlaryň, ýewreýleriň we olaryň çagalarynyň gatnaşmagynda milli referendum geçirmekdir. ýerli ýaşaýjylaryň pikirine görä Palestina meselesini çözmek üçin, referendumlary, saýlawlary geçirmek, adamlaryň pikirine we demokratiýa bil baglamakdyr.

Şunuň bilen baglylykda, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani, Halkara Kazyýetiniň Sionist režimiň halkara hukugyny bozýan hereketleri, şol sanda Palestina topraklaryny we bu ýerlerdäki ilatly ýerleri basyp almagy bikanun diýip atlandyrmak baradaky pikirine salgylandy, şeýle hem, Palestina halkynyň tebigy baýlyklara özygtyýarlylyk hukugynyň bozulmagy Elbetde, palestinalylara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň zerurdygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ezilen palestina halkynyň kanunylygy baradaky ýüzlerçe halkara kararlarynyň we resminamalarynyň ykrar edilmegine ünsi çekip: Halkara jemgyýetçiliginiň, esasanam Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýolbaşçylaryny Sionistleriň basyp alyjylyklarynyň öňüne geçilmegine çagyrýar.

 

  

 

Tags