De Misturayň Tehranda Jaberi Ansari bilen duşuşygy
Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretarynyň Siriýa işleri boýunça ýörite wekili Staffan de Mistura Tehranda Eýranyň daşary işler ministrniň ýokary derejeli kömekçisi Huseýin Jaberi Ansari bilen duşuşyp Siriýanyň soňky özgerişleri barada gürrüň etdi.
Eýranyň tele-radio habarlar gullugynyň beren habaryna görä,ýaňky duşuşykdan soňra Huseýin Jaberi Ansari habarçylaryň arasynda eden çykyşynda Siriýa meselesiniň çözülmegi bu ýurdyň ilatynyň yradasyny kabul etmekdir diýip yglan etdi.
daşary taraplaryň etmeli işi Siriýanyň geljegi barada Siriýalylaryň tutum tutup bilmegini aňsatlaşdyrmakdyr diýip Jaberi Ansary sözüne goşdy.
Eýranyň daşary işler ministrniň ýokary derejeli kömekçisi şeýle-de Siriýa barada bilelikde alynyp barylýan hereketleriň asly maksatlarynyň birisi Siriýanyň toprak bitewiligini we milli häkimiýetini goramakdyr diýip nygtap geçdi.