Apr 24, 2018 21:06 Asia/Ashgabat
  • Ýemeniň ýokary syýasy geňeşiniň başlygy şehit boldy

Ýemeniň ýokary syýasy geňeşiniň başlygy Saleh Al-Samad Arabystanyň ýolbaşçylygyndaky bileleşigiň amala aşyran howa hüjümlerinde Ýemeniň günbatarynda ýerleşen udaýda welaýatynda şehit boldy.

Ýemeniň ýokary syýasy geňeşi bir beýannama boýunça Saleh Al-Samadyň şehit bolmagyny ýemeniň milletine pata aýtmak bilen bir wagtda bu jenaýat gaýtawulsyz galmaz we jenaýatdärler agyr tawan berjekdirler diýip yglan etdi.

Ýemeniň ýokary syýasy geňeşiniň başlygy Saleh Al-Samad we onuň ýaranlarynyň 6-synyň şehit bolmagyndan soňra Ýemeniň ýokary syýasy geňeşi bu ýurtda 3 gün matam diýip yglan etdi.

 Ýemeniň ýokary syýasy geňeşiniň başlygy Saleh Al-Samad 2016-njy ýylyň 6-njy awgustynda bu wezipä saýlandy we 14-njy awgustda kasam çäresini geçirenden soňra Ýemeniň wekiller mejlisinde öz işine başlady.

Tags