Soçi maslahatynyň soňky beýannamasy
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i363-soçi_maslahatynyň_soňky_beýannamasy
Eýran, Orsýet we Türkiýäniň prezidentleri bir beýannama boýunça Siriýanyň häkimiýetiniň, garaşsyzlygynyň, birleşiginiň we toprak bitewiliginiň goralmagyny nygtap terrorçy toparlaryň kämil ýogalýan mahalyna çenli hyzmatdaşlyklary dowam etdirjekdiklerini yglan etdiler.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Nov 23, 2017 12:40 Asia/Ashgabat
  • Soçi maslahatynyň soňky beýannamasy
    Soçi maslahatynyň soňky beýannamasy

Eýran, Orsýet we Türkiýäniň prezidentleri bir beýannama boýunça Siriýanyň häkimiýetiniň, garaşsyzlygynyň, birleşiginiň we toprak bitewiliginiň goralmagyny nygtap terrorçy toparlaryň kämil ýogalýan mahalyna çenli hyzmatdaşlyklary dowam etdirjekdiklerini yglan etdiler.

çarşenbe güni ikindin Orsýetiň Soçi şäherinde geçirlen üçtaraplaýyn maslahatyň soňunda çykarlan bu beýannama esasynda Hasan Ruhani, Wladimir Putin we rejep Taýyp Ärdogan Siriýada atyşygy bes ediş kararyň amala aşyrylşy barada razylyk bildirdiler.

Eýran, Orsýet we Türkiýäniň döwlet baştutanlary şeýle-de Siriýada birleşigiň berkarar edilmegi, bir syýasy çäräniň tapylmagy we bu ýurtda açyk saýlawlaryň geçirilmegi ugurda elden gelen kömeklerini etjekdiklerini wada berdiler.şRuhani, Putin we Ärdogan şeýle-de Siriýa döwletine garşylardan golaý geljekde Soçi şäherinde geçiriljek Siriýanyň milli gepleşikler kongressine gatnaşmaklaryny islediler.

olar şeýle-de halkara köpçüligini ykjam agzalaryndan Siriýany gaýtadan abatlamak ugurdaky işlere goldaw bermeklerini islediler.