Abulgeýt:Palestinalylaryň ýowuz ýagdaýa duçar bolmagynyň jogapkäri Amerikadyr
Arap Bileleşiginiň baş sekretary Ahmet Abulgeýt Palestinalylaryň ýowuz ýagdaýa duçar bolmagynda Amerika döwletini jogapkär hasaplady.
Sputnik habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Arap Bileleşiginiň baş sekretary Ahmet Abulgeýt bir beýannama boýunça Palestinalylaryň kynçylygynyň jogapkäri Amerikadyr diýmek bilen bu ýagdaýyň sebitiň durnuklylygyna ýaramaz täsirleri galdyrmagy ahmaldyr diýip yglan etdi.
Waşington döwleti Palestina dolanşygyna berýän maliýe kömeklerini azaltdy we mundan ozal hem Palestinaly awaralara medet ýetirýän UNRWA guramasyna berýän kömeklerini hem kesipdi.
Amerika döwleti bu hilli hereketleri Palestinalylary asryň söwdasy atly barlyşyk taslamasyny kabul etdirmek ugurda mejbur etmek maksady bilen amala aşyrandyr.
asryň söwdasy atly Amerikaly taslama esasynda mukaddes Kudus şäheri Sionist režimine gowşurylýar we başga ýurtlardaky Palestinaly awaralar öz watanlaryna dolanmak haklary ýokdyr.