Orsýet:Tehran,Moskwa we Ankaranyň hyzmatdaşlygy Siriýanyň ýagdaýyny özgerdendir
Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergei Werşinin Moskwada Eýranyň we Türkiýäniň wekilleri bilen 3 taraplaýyn maslahatynda Tehran,Moskwa we Ankaranyň hyzmatdaşlygy Siriýanyň ýagdaýyny özgerdendir diýdi.
Irna habarlar gullugynyň beren habarna görä,Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergei Werşinin Eýranyň daşary işler ministrniň ýokary derejeli kömekçisi Huseýin Jaberi Ansari hemde Türkiýäniň daşary işler ministrniň orunbasary Sadat Onal bilen geçiren duşuşygynda terrorçylaryň garşysynda hasyl bolan berk üstünlik we Siriýa meselesiniň syýasy ýoldan çözülmegine şert döredilmegi Siriýa barada Astana ylalaşygynyň uly gazançlaryndandyr diýip nygtady.
Sergei Werşinin şeýle-de Astana gepleşikleri Siriýanyň ýagdaýynyň gowlaşmagyna sebäp bolandyr diýip sözüne goşdy.
Astana maslahaty Siriýada parahatçylygy berkarar etmek niýeti bilen 2017-nji ýylda Eýranyň başlangyçlygy bilen we Orsýet hemde Türkiýäniň hyzmatdaşlygy bilen işine başlady.
bu maslahatyň asly netijesi Siriýada az dartgynly sebitleri döretmek bolandyr.Siriýanyň dartgynlygy 2011-nji ýylda Arabystan we Amerika tarapyndan goldanýan terrorçy toparlaryň giň gerimde hüjümleri bilen başlandy.