Nov 13, 2018 15:38 Asia/Ashgabat
  • Al-Mekdad:terrorizme garşy göreşde Eýran Siriýa milletiniň ýanynda durandyr

Siriýanyň daşary işler ministrniň orunbasary terrorizme garşy söweşde Eýran Yslam Respublikasy bar kuwwaty bilen Siriýa milletiniň we döwletiniň ýanynda durandyr diýdi.

Siriýanyň daşary işler ministrniň orunbasary Faisal Al-Mekdad öten agşam Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça ýörite kömekçisi Hoseýin Jaberi Ansari bilen geçiren duşuşygyndan soňra Irna habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Siriýanyň özüniň dostlarynyň we ýaranlarynyň kämil goldawy bilen bu ýurtda howpsyzlygy we durnuklylygy gaýtadan berkarar etmek ugurda tagalla edýänligini aýtdy.

Al-Mekdad sözüniň dowamynda Amerikanyň Eýrana garşy ykdysady gadaganlyklaryna yşarat edip bu gadaganlyklar Waşingtonyň bir taraplaýyn gadaganlyklarynyň garşysynda Eýran milletiniň çydamlylygyny artdyrjakdyr diýdi.

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça ýörite kömekçisi Hoseýin Jaberi Ansari şeýle-de düýn Siriýanyň prezidenti Başar Assad bilen duşuşyp bu ýurdyň soňky özgerişleri barada maslahatlaşdy.

Tags