Sep 22, 2024 17:03 Asia/Ashgabat
  • Eýran Siriýadan daşary ýurt goşunlarynyň çykarylmagyny nygtady

Eýranyň daşary işler ministri daşary ýurt goşunlarynyň Siriýadan çykarylmagyny nygtady.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Nýu-Yorkorkda BMG Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäginde Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Geir Pederson bilen duşuşanda BMG-nyň Siriýadaky tagallalaryny goldamak bilen Daşary ýurt goşunlary Siriýany terk etmeli we ýurdy gysga wagtda täzeden gurmaly diýdi.

Aragçi Gazadaky we Liwandaky wakalar barada-da beren gürrüňlerinde hem, Sionist režimiň Liwanda we Palestindäki jenaýatlary bu režimiň umytsyzlygy sebäpli edilse-de, jogapsyz galmaz diýdi.

BMG-nyň Siriýa meseleleri boýunça Baş sekretarynyň ýörite wekili, Siriýadaky wakalar barada aýdyp, Eýranyň Daşary işler ministrine bu ugurdaky soňky çäreler barada hasabat berdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi ýerli wagt bilen anna güni agşam Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisine gatnaşmak üçin wekiliýetiň başynda Nýu-Yorkorka bardy.

Tags