Yragyň daşary işler ministri:Eýrana garşy hiç bir topluma goşulmarys
(last modified Wed, 30 Jan 2019 17:33:55 GMT )
Jan 30, 2019 22:33 Asia/Ashgabat
  • Yragyň daşary işler ministri:Eýrana garşy hiç bir topluma goşulmarys

Yragyň daşary işler ministri Muhammet Ali al-Hakim Bagdat döwletiniň Eýrana garşy hiç bir topluma goşulmajakdygyny yglan etdi.

şu gün Yragyň daşary işler ministri Muhammet Ali al-Hakim Moskwada Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçiren habar konferensiýasynda Eýrana garşy hiç bir herekete Bagdadyň goşulmajakdygyny nygtady.

Muhammet Ali al-Hakim sözüniň dowamynda Orsýet bilen harby we howpsuzlyk hyzmatdaşlyklar Siriýa we Yrakda DAEŞ toparynyň şowsuzlyga uçramagyny kepillendirýär diýip beýan etdi.

al-Hakim şeýle-de Siriýanyň birleşigi bu ýurduň durnuklylygynyň asly sebäpkäridir diýip sözüne goşdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem Moskwa döwleti harby kuwwatlylygyny ýokarlandyrmaga Bagdat döwletine ýardam etjekdir diýip yglan etdi.