Eýran bilen Liwanyň goranyş hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegi barlandy
Eýranyň Beýrutdaky ilçisi bilen Liwanyň goranmak ministri iki taraplaýyn goranyş hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmeginiň ýollary barada maslahatlaşdylar.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Eýranyň Beýrutdaky ilçisi Muhammet Jelal Firuzniýa öten agşam Liwanyň goranmak ministri Elias Bou Saab bilen geçiren duşuşygynda wehimleriň garşysynda Liwanyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny goramagyň Eýranyň usully syýasatlaryndandygyna yşarat etmek bilen Beýrut bilen goranyş hyzmatdaşlyklaryny ösdürmäge Tehranyň taýýarlygyny yglan etdi.
Eýran bilen Liwanyň goranyş hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegi bilelikdäki bähbitler we sebitiň howpsuzlygynyň çarçuwasyndadyr diýip Firuzniýa sözüne goşdy.
Liwanyň goranmak ministri Elias Bou Saab hem bu duşuşykda Sionist režiminiň hüjümleriniň garşysynda Liwan döwletini we milletini goldamagy babatly Eýrana minnetdarlygyny bildirmek bilen dürli ugurlarda iki ýurduň geňeşleriniň dowam etjekdigini nygtady.
Firuzniýa düýn şeýle-de Liwanyň ýaşlar we sport ministri Muhammet Fneiş bilen hem duşuşdy.taraplar bu duşuşykda iki taraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.