seýed Hasan Nasrolla Sionist režiminiň başlyklaryna duýduryş berdi
(last modified Mon, 26 Aug 2019 14:08:00 GMT )
Aug 26, 2019 19:08 Asia/Ashgabat
  • seýed Hasan Nasrolla Sionist režiminiň başlyklaryna duýduryş berdi

Liwanyň Hizbolla hereketiniň baş sekretary seýed Hasan Nasrolla düýn Jurud Arsal sebitiniň terrorçylaryň elinden azat edilmeginiň ikinji ýyllygynda beren gürrüňlerinde Sionist režimiň başlyklaryna ýüzlenip basylyp alynan Palestinanyň indiki saýlawçylygy Sionistleri gany bilen geçiriler diýip duýduryş berdi.

Jurud Arsalda ýola berilen uruş işler çydam güýçleri bilen Siriýanyň goşun güýçleriniň bilelikde terrorçylara garşy ýola beren operasiýalarynyň iň ulysydyr diýip Liwanyň Hibolla hereketiniň baş sekretary seýed Hasan Nasrolla aýtdy.

ol şeýle-de Sionist režiminiň premýer ministri Benýamin Netaniýahunyň saýlawçylyk geçirmegiň yzyndadygyny ýatladyp Sionist režiminiň partiýalary sebit ilatyň ganlaryny ýere dökmek bilen saýlawçylyk geçirmeklige endik edendirler indi Ysraýylyň başlyklary geljeki saýlawçylygyň beýle bolmajakdygyny bilmelidirler diýip beýan etdi.

seýed Hasan Nasrolla şeýle-de Sionist režiminiň Liwanyň howa ara çägine girmegini bir howply hereket bilmek bilen Hizbolla hereketi Sionist režiminiň bu hilli elgatyjylygyna ýol bermez indiden soň Sionist režiminiň uçarmansyz uçarlary Liwanyň howa ara çägine girseler Hizbolla uçarlary urup ýere gaçyrjakdyr diýip yglan etdi.