Sep 23, 2019 23:05 Asia/Ashgabat
  • Al-Muallem bilen Pedersenyň duşuşygy

Siriýanyň daşary işler ministri Walid Al-muallem bilen Birleşen Milletler Guramanyň Siriýa işleri boýunça ýörite wekili Damaskda geçiren duşuşyklarynda Siriýanyň esasy kanunynyň komitetiniň döredilmegi we onuň işleriniň mekanizmi hakynda gürrüň etdiler.

Siriýanyň daşary işler ministri Walid Al-muallem bu duşuşykda Damaskyň Siriýanyň dartgynlylygyna syýasy ýollardan çäre görilmegine jogapkärdigini aýdyp Damask bu barada Birleşen Milletler Guramanyň edýän tagallalaryndan hem arka çykýandyr diýip yglan etdi.

Birleşen Milletler Guramanyň Siriýa işleri boýunça ýörite wekili Gier Pedersen hem bu duşuşykda Siriýanyň dartgynlylygyna syýasy ýollardan çäre görilmegini nygtap Birleşen Milletler Guramasy bu ugurda elden gelen kömegini gaýgyrmaz diýip yglan etdi.

Siriýanyň esasy kanun komitetini ýola goýmak taslamasy birinji sapar Orsýetiň Soçi şäherinde Ýanwar aýynyň 29-30-nji günlerinde Siriýanyň milli söhbetdeşlik kogresiniň maslahatynda ara atyldy.

Tags