Apr 22, 2020 22:09 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň, Orsýetniň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri Siriýa krizisini çözmek üçin geňeşmeleri dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdylar

Eýranyň, Orsýetniň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri Siriýa krizisini çözmek üçin iň möhüm we täsirli proses hökmünde Astana prosesini kepillendirýän üç ýurduň arasynda iň ýokary derejede gepleşikleriň we utgaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdylar.

Astana prosesini kepillendirýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň (Eýran, Türkiýe we Orsýet) üçtaraplaýyn ýygnagy çarşenbe güni tele-konferensiýa görnüşinde geçirildi.

Siriýada we sebitde bolup geçen soňky wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin geçirilen ýygnakda Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt ÇawoşOglu we Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow soňky wakalar şol sanda Idlibdäki ýagdaý, esasy kanun komiteti we esasan hem koronawirusyň ýaýramagy sebäpli birtaraplaýyn sanksiýalary ýatyrmagyň zerurlygy, gumanitar ýagdaý we awaralaryň gaýdyp gelmekleri barada maslahatlaşyldy.

Eýranyň, Orsýetiň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri Siriýanyň garaşsyzlygyna, milli özygtyýarlylygyna we toprak bitewiligine, şeýle hem Siriýa dartgynlylygynyň syýasy çözülmegine we terroristleriň oppozisiýadan bölünmegine we terrorçylyga garşy göreşiň dowam etmegine hormat goýmak barada ylalaşdylar.

Eýranyň Daşary işler ministri Idlibde bolup geçen soňky wakalar barada durup geçip, Siriýanyň hökümetiniň ýurduň toprak bitewiligine we terrorçylyga garşy göreşiň dowam etmegine özygtyýarlylygyny giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.

Tags