Dec 20, 2017 20:24 Asia/Ashgabat
  • Amerika we Sionist režiminiň maksady Siriýa dartgynlylygyny uzaklaşdyrmakdyr.

Siriýanyň daşary işler ministri Walid Mugallym Waşington döwleti Sionist režiminiň bähbitleri ugurynda Siriýa dartgynlylygyny uzaklaşdyrmagyň yzyndadyr diýmek bilen Amerikalylaryň Siriýadan çykmaklaryny nygtady.

Eýranyň Mehr habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Siriýanyň daşary işler ministri Walid Mugallym Siriýanyň çözülmeli meseleleriniň barlygyny aýdyp bu ýurdyň demir gazygyndaky käbir toparlar Siriýada çykmalydyrlar diýip nygtady.

Amerikanyň terrorçylara berýän goldawlary Siriýa goşunynyň DAEŞ-e garşy üstünliklerine selteň salyp başarmaz diýip Walid Mugallym sözüne goşdy.

ol şeýle-de Siriýa garşy pitnä gatnaşýan ýurtlaryň sany gaty azalandyr emma mekirli hileler henizem dowam edip durandyr diýip nygtap geçdi.

Amerikan baştutanlygynda hamala DAEŞ-e garşy halkara bileleşigi Siriýa döwletinden rugsat almazdan terrorçylary goldamak bilen bir wagtda howa hüjümleri bilen Siriýa halkynyň ýüzlerçesiniň gyrana berilmegine sebäp bolandyr

Tags