Yragyň premýer-ministriniň Tehrana sapary
Yragyň premýer-ministri Mustafa al-Kazemi ertir (sişenbe) Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary wezipeli adamlary bilen duşuşmak üçin ýokary derejeli syýasy-ykdysady wekiliýetiň başynda Tehrana geler.
Duşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň edarasynyň aragatnaşyk we maglumat bölüminiň orunbasary "Alireza Moezi" Yragyň premýer-ministri "Mustafa Al-Kazemi" Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhaniniň resmi garşylaýyş dabarasyndan dessine iki ýurduň resmi wekiliýetleri ikitaraplaýyn gepleşiklere başlar diýip habar berdi.
Eýran we Yrak delegasiýalarynyň arasynda we Al-Kazeminiň Ruhani bilen şahsy duşuşygyndan soň, iki ýurduň ýokary derejeli wekiliýetleri Eýran Yslam Respublikasynyň ilkinji wise-prezidenti Yshak Jahangiriniň gatnaşmagynda bilelikde gepleşik geçirer.
Eýranyň Prezidentiniň Edarasynyň Aragatnaşyk we maglumat edarasynyň orunbasary sözlerine görä, Yragyň premýer-ministri, Eýrana iki günlük sapary wagtynda Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysyna hem baryp görer we Yslam şura mejlisiniň başlygy bilen hem duşuşar.
Yragyň premýer-ministrine Yragyň Daşary işler, Nebit, Elektrik, Maliýe, Goranmak, Saglyk we Milli howpsuzlyk geňeşçisi ýoldaş bolar.