Eýran, Türkiýe we Orsýetiň Astanada geçiren bilelikdäki maslahaty
-
Astana gepleşikleriniň 7-nji döwri
Siriýda atyşygy bes ediş karara zamun ýurtlar adynda Eýran, Türkiýe we Orsýet döwletleriniň wekilleri Gazagystanyň paýtagty Atanada bilelikdäki maslahat geçirdiler.
Eýranyň tele radio habarlar gullugynyň beren habaryna görä Astanaa gepleşiklerinie gatnaşyjy Eýranyň ýokary derejeli wekili Hoseýin Jaberi Ansari şeýle-de Orsýet bilen Türkiýäniň bu gepleşiklere gatnaşyjy wekilleri Aleksandr Lawrentiýew bilen Sedat Onal Siriýada atyşygy bes ediş karary barada pikir alyşdylar.
taraplar bu gepleşiklerde ynsanpwerlik ýörelgeleri esasynda sebitleri minadan arasslamak, hemde Siriýanyň medeni miraslaryny we mekanlary goramak ,tutulan adamlary çalyşmak , ogurlanan ýada heläk bolan adamlaryň jesetlerini gowşurmak baradaky senetlere garadylar.
Eýran, Orsýet we Türkiýäniň Astana gepleşiklerine gatnaşan wekilleri aýry-aýry tärde Siriýanyň wekilleri bilen hem duşuşyp gürrüň etdiler.
Eýran, Orsýet we Türkiýäniň başlangyjy bilen Siriýa dartgynlylygyny çözmek ugurda Gazagystanyň Astana şäherinde başlanan gepleşikleriň 6 döwri geçirlendir.