"Maher al-Ahras": çydam ýeňişiň ýeke-täk ýoludyr
(last modified Thu, 26 Nov 2020 16:26:23 GMT )
Nov 26, 2020 21:26 Asia/Ashgabat

Täze boşadylan palestinaly tussag Maher al-Ahras garşylygy we çydamy sionist basybalyjylary ýeňmegiň ýeke-täk usuly hökmünde gördi.

Al-Maýadiniň  habaryna görä, uzak wagtlap ýesirlikden we birnäçe günläp dowam eden açlykdan soň penşenbe güni boşadylan palestinaly tussag Maher al-Ahras Palestinanyň azat edilmegi gepleşik geçirmek bilen bolmajakdygyny we palestina halkynyň soňky ýeňişe çenli berk durjakdyklaryny aýtdy.

Al-Ahras, Sionist režimiň palestinalylaryň agzybirligini bozmak baradaky dildüwşüginiň amala aşmajakdygyny aýtdy we açlyk yglan etmeginiň palestina halkynyň adyna degişlidigini we ýeňşini palestina halkyna hödürleýändigini aýtdy.

Sionist regim 27-nji iýulda Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky Jenin şäherinden 49 ýaşly Maher al-Ahrasy tussag etdi.

Al-Ahras ýazyksyz tussag edilmegine we beýleki palestinaly tussaglar üçin 103 gün töweregi açlyk yglan edipdi.

Bu döwürde, Sionist režimiň kazyýetleri Al-Ahrasyň saglygynyň ýaramazlaşmagyna we halkara we hukuk guramalarynyň administratiw tussaglyk syýasatyny togtatmak islegine garamazdan, onuň boşadylmagyna garşy çykdy.