Borrell ýadro ylalaşygynyň saklanmagynyň zerurdygyny nygtady
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň başlygy Moskwaeden saparynyň çäginde ýadro ylalaşygyny saklamak üçin tagalla etmegiň zerurdygyny aýtdy.
Russiýanyň “Interfaks” habar gullugy bilen söhbetdeşlikde Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň başlygy Josep Borrell ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trump administrasiýasynyň Eýran Yslam Respublikasyna iň ýokary basyş syýasatyny tankytlady we iň ýokary basyşyň ýerine Tähran bilen iň ýokary diplomatiýany ulanmaga çagyrdy.
Borrell oňyn höweslendirmek we ähli ýadro şertnamasynyň doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin ýadro ylalaşygyň Bilelikdäki komissiýasynyň çäginde iň ýokary basyşdan iň ýokary diplomatiýa geçmegiň zerurdygyny aýtmak bilen asyl maksat ýadro ylalaşygynyň doly durmuşa geçirilmegine gaýdyp gelmekdir diýdi.
ABŞ hökümeti 2018-nji ýylda bir taraplaýyn ýadro şertnamasyndan çykdy we Eýrana garşy sanksiýalary güýçlendirdi.
Eýran Yslam Respublikasy, ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan soň şu ýadro şertnamasynyň düzgünlerine laýyklykda 20% urany baýlaşdyrmak ýaly käbir ýadro maksatnama işine başlady emma ABŞ-nyň hökümetiniň Eýran halkyna garşy ähli zulumly sanksiýalary ýatyryp, ýadro şertnamasyna şertsiz gaýdyp gelse, Eýranyň hem bu şertnamanyň borçnamalaryny ýerine ýetirjekdigini hemişe nygtandyr.