Rim papasy Fransisiň Yraga eden sapary barada
(last modified Tue, 09 Mar 2021 15:56:32 GMT )
Mar 09, 2021 20:56 Asia/Ashgabat
  • Rim papasy Fransisiň Yraga eden sapary barada

Dünýä katolik lideri Rim papasy Fransisiň Yraga üç günlük sapary tamamlandy.Bu saparyň ahyrynda birnäçe nokady bellemek möhümdir.

Birinji nokat, Rim papasy Fransisiň ýerine ýetiriji kepillikleri bilen karar bermek arkaly ýerine ýetiriji güýjüniň ýokdugydyr. Şonuň üçin papanyň Yraga eden sapary ýerine ýetiriji üstünlik bolmaly däldi, ýöne bu saparyň taryhy we simwoliki ölçegleri bardy. Sebäbi dünýäniň katolik lideri şaý köplügi bolan bir musulman ýurduna sapar edip, ýokary derejeli şaý  häkimiýeti bilen duşuşdy. Şeýlelik bilen, sapar dinlere ýakynlyk, zorluksyzlyk, diskriminasiýa ýol bermezlik ýa-da terrorçylyga garşy göreş ýaly meselelere gönükdirilen hem bolsa, bu sözler dini ýolbaşçylar we Yrak hökümetiniň syýasy erkini durmuşa geçirmek ukyby bilen baglanyşyklydy, Elbetde, bu ýurduň içerki ýagdaýlaryna hemi baglydyr.

Beýleki bir mesele, käbirleriň Papanyň Yraga eden sapary, Najafyň  şaýy dünýäsindäki ornuny güýçlendirendigine ynanýarlar . Bu garaýyş, esasan, şaýy dünýäsinde abraýy  köpeltmäge gönükdirilendir, sebäbi Najaf we Aýatolla Sistaniniň  ýokary we mynasyp pozisiýa eýeleýär we papanyň sapary bu ýagdaýa täsir etmeýär. Hut şu belent pozisiýa Rim papasy Fransisiň ,Aýatolla Sistanyň hut özüni görmegine sebäp bolýar. Najafyň dini medresiniň ornuny berkitmek pikiri esasan şaý  dünýäsindäki dini medreseleriň arasynda düşünişmezlik ekmek maksady bilen döredilýär, elbetde, Kumyň dini medresesiniň ussadlar we alymlar ýygnagynyň beýanaty bu pikiri puja çykardy.  Beýik Aýatolla Sistani bilen Rim papasy Fransisiň arasyndaky duşuşyga salgylanyp, Indi şaýy alymlary, ruhanylary, dini merkezleri  üçin bu duşuşyk görelde bolup, dinler arasyndaky gepleşiklere has çynlakaý çemeleşmek üçin ajaýyp pursatdyr diýip beýanatda getirilýär.

 Bu sapar barada üçünji pikir, syýasy garaýyşdyr. Yragyň syýasy sahnasy, esasanam häzirki döwürde toparlaryň arasyndaky gapma-garşylyklara we düşünişmezliklere şaýatlyk edýär, Mustafa al-Kazemiň döwleti hem güýçli basyş astyndadyr. Bu taryhy saparyň howpsuzlygynyň üpjün bolmagy Al-Kazemi döwletiň oňyn ýazgysy bolsa-da, Bagdadyň hökümeti we premýer-ministriň özi üçin aýratyn syýasy artykmaçlyklar ýok ýalydur. Bar bolan zat, hökümet goldawçylarynyň bu sapardan syýasy peýdalanmak üçin edýän tagallalarydyr.

Bu syýasy tagalla, Kürdüstanyň Erbil şäheriniň ýerli hökümeti tarapyndan kürtleriň we Kürdüstan sebit hökümetiniň jemgyýetçilik pikirindäki pozisiýasyny ýene bir gezek görkezmek üçin edilýär.  

Iň soňky nokat; Rim papasynyň Yraga eden sapary simwoliki dini sapar bolsa-da, parahatçylygyň, howpsuzlygyň, adam mertebesiniň we zorluga garşy çykmagyň ähli dinlerde merkezi we umumydygyny we hormatlanýandygyny görkezdi, elbetde bu zatlaryň ýerine ýetiriji ölçegde çynlakaý kemçilikler bar bolsa, bu kemçilikler , ýurtlaryň we dünýä güýçleriniň arasynda hökümetleriň çynlakaý erkinlikleriniň bolmazlygy bolýandyr.