Pompeo Amerikanyň Eýrana garşy duşmançylykly syýasatlarynda ýeňilendigini boýun aldy
(last modified Sun, 14 Mar 2021 17:27:45 GMT )
Mar 14, 2021 22:27 Asia/Ashgabat
  • Pompeo Amerikanyň Eýrana garşy duşmançylykly syýasatlarynda ýeňilendigini boýun aldy

ABŞ-nyň öňki Döwlet sekretary bu ýurduň Eýrana garşy alyp barýan duşmançylykly syýasatlarynyň şowsuzdygyny aýtdy.

Fars habar gullugynyň Hill habar gullugyna salgylanyp beren habaryna görä, Amerikanyň Öňki Döwlet sekretary Maýk Pompeo ýekşenbe güni öňki prezident Donald Trumpyň administrasiýasynyň ýadro şertnamasyndan çykandan soň, Eýrana has gowy ylalaşyk gazanmak üçin gepleşik stoluna gelmegine yrmak üçin Eýrana iň ýokary basyş syýasatyny alyp barandygyny ýöne şowsuz bolandygyny aýtdy.

Trump dört ýylda iň ýokary basyş syýasatyna laýyklykda Eýran Yslam Respublikasyna garşy iň agyr sanksiýalary we ykdysady kynçylyklary girizdi, ýöne hiç bir maksadyna ýetmedi we ABŞ-nyň öňki prezidentiniň bu syýasaty içerki we halkara derejesinde giňden ýazgaryldy.

Baýden administrasiýasy Trumpyň Eýrana garşy alyp baran syýasatynyň şowsuzdygyny birnäçe gezek boýun aldy we diplomatiýa arkaly, Trump administrasiýasynyň çykan ýadro şertnamasyna gaýdyp barmak ýoluny açjakdygyny toslady emma şu wagta çenli bu ugurda hiç hili amaly çäre görülmedi.