Baýden Eýranyň ýadro programmasy baradaky toslamalaryny gaýtalady
Amerikanyň prezidenti Eýranyň ýadro programmasy baradaky toslamalaryny gaýtalady.
IRNA-nyň habaryna görä, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden penşenbe güni Kongresde eden çykyşynda Waşingtonyň ýadro ylalaşykdan birtaraplaýyn yza çekilmegini agzamazdan Eýranyň ýadro programmasy boýunça ýaranlary bilen ýakyndan işleşjekdigini toslady.
Donald Trumpyň prezidentlik eden döwründe Waşington, Eýran halkyna iň ýokary basyş etmek maksady bilen birtaraplaýyn ykdysady terrorçylygy girizdi.
Amerikanyň prezidenti Eýrana garşy Ak tamyň alyp baran öňki syýasatyny tankytlady emma ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmegini Eýranyň hereketine şertli etdi.
Baýden haýsy döwletiň wadasynyň tersine ýadro ylalaşykdan çekilendigini agzamazdan, Eýran ýadro ylalaşygyna doly gaýdyp gelse Waşington hem bu şertnama gaýdyp geler diýip wada berdi.
Eýran Yslam Respublikasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary sanksiýalary dilden ýa-da kagyzdan däl-de, iş ýüzünde ýatyranda öz borçnamalaryna gaýdyp geljekdigini nygtaýar.
Elbet-de bu sanksiýalaryň ýatyrylmagy Eýran tarapyndan tassyklanmalydyr.