Özbegistanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň üç taraplaýyn duşuşygy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i11452-Özbegistanyň_eýranyň_we_türkmenistanyň_üç_taraplaýyn_duşuşygy
Özbegistanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň demirýol guramalarynyň wekilleri wideo konferensiýada ýük gatnawynyň köpelmegi meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
May 05, 2021 15:44 Asia/Ashgabat
  • Özbegistanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň üç taraplaýyn duşuşygy

Özbegistanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň demirýol guramalarynyň wekilleri wideo konferensiýada ýük gatnawynyň köpelmegi meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşkentdäki Fars habar gullugynyň habaryna görä, bu wideo konferensiýada Özbegistan, Eýran we Türkmenistan demir ýollarynyň wekiliýetleri ýük wagonlarynyň geçişini tizleşdirmek we "Özbek Timir ýollari" kompaniýasyna degişli boş wagonlary Eýrandan  Özbegistana gaýtarmak arkaly ýük mukdaryny artdyrmak barada ylalaşdylar.

Şeýle hem, bu ýygnaga gatnaşyjylar "Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman" koridorynyň (Aşgabat düşünişmek Memorandumy) üsti bilen synag otly gatnawynyň guralyşyna aýratyn üns berdiler.

Şeýle-de Özbegistanyň we Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Eýranyň demir ýol guramalarynyň işgärleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.