Amerikanyň daşary işler ministriniň Eýran baradaky täze toslamasy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i11712-amerikanyň_daşary_işler_ministriniň_eýran_baradaky_täze_toslamasy
Amerikanyň Döwlet sekretary Waşingtonyň ýadro şertnamasyndan bikanun çekilendigini agzamazdan Eýran barada täze toslamany ara atdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 23, 2021 17:16 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň daşary işler ministriniň Eýran baradaky täze toslamasy

Amerikanyň Döwlet sekretary Waşingtonyň ýadro şertnamasyndan bikanun çekilendigini agzamazdan Eýran barada täze toslamany ara atdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Amerikanyň daşary işler ministri Entoni Blinken ýekşenbe güni beren interwýusynda bu ýurduň Eýranyň IAEA-nyň ýadro borçnamalaryna gaýdyp gelmek kararyna entek hiç hili alamat görmändigini toslady.

Bu toslama bir ýagdaýdadyr welin Amerika Donald Trump administrasiýasy döwründe ýadro ylalaşygyndan birtaraplaýyn yza çekilmegi bilen Eýran halkyna garşy iň ýokary basyş etmek maksady bilen ykdysady terrorçylygy amala aşyrandyr.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ak tamyň Eýrana garşy alyp barýan öňki syýasatyny tankytlan bolsada, ýöne ýadro ylalaşyga gaýdyp gelmegini Eýranyň hereketi bilen şertli edendir.

Baýden haýsy döwletiň ýadro şertnamasyndan çykandygyna yşarat etmezden Eýran ýadro şertnamasynyň doly durmuşa geçirilmegine gaýdyp gelse, Waşington hem bu şertnama gaýdyp geler diýip wada berdi.

Eýran Yslam Respublikasy, Amerikanyň Eýrana garşy ähli sanksiýalary iş ýüzünde ýatyrlanda we sanksiýalaryň ýatyrylmagy Eýran tarapyndan tassyklanmagyndan soň öz üstüne alan borçnamalaryna gaýdyp geljekdigini aýdandyr.