Eýranyň owgan krizisini çözmek baradaky teklibiniň garşy alynmagy
Kabul hökümeti Eýranyň owgan krizisini çözmek üçin üç taraplaýyn ýygnak geçirmek teklibini gutlady.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ýörite wekili , Owganystanyň, Eýranyň we Päkistanyň Daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygynyň meýilnamasyny teklip etdi we bu teklip hem Owganystanyň Daşary işler ministrleri Muhammet Hanif Atmar tarapyndan tassyklandy .
Muhammet Ebrahim Taheriýan,Owganystanyň Daşary işler ministri Hanif Atmar bilen bolan duşuşygynda, parahatçylyk etaby we üç ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň giňelmegi üçin sebitleýin ylalaşygyň möhümdigini aýtdy.
Hanif Atmar duşuşygy parahatçylyk etabynyň üstünlikli bolmagy üçin peýdaly diýip atlandyrdy we Owganystan bilen Eýranyň arasynda bilelikdäki ykdysady komissiýanyň altynjy ýygnagyny geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Bir ýyldan gowrak wagt bäri Eýran Yslam Respublikasy urşy bes etmek we Owganystanda parahatçylygy ornaşdyrmak syýasatynyň bir bölegi hökmünde Talyban, Owganystanyň hökümeti we goňşy ýurtlar, şol sanda Päkistan bilen yzygiderli we täsirli maslahatlar alyp barýar.
Ýakynda, Eýranyň Daşary işler ministriniň Owganystandaky ýörite wekili Taheriýan Pakistana we Owganystana eden sapary wagtynda Yslamabat we Kabul resmileri bilen ýurtdaky soňky wakalary, esasanam parahatçylyk meselesini ara alyp maslahatlaşdy.Owganystanyň Daşary işler ministri , ýurtdaky krizisi çözmek üçin Eýranyň, Kabulda, Tähranda we Yslamabatda üç taraplaýyn ýygnak geçirmek meýilnamasyny gutlaýar we owgan krizisini çözmek üçin sebitleýin ylalaşyk mümkinçiligini göz öňünde tutup, bu teklibiň owgan resmileriniň öňünde kanagatlandyrjydygyny görkezýär.
Owganystanyň hökümeti bilen Talybanyň arasynda Katarda 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda parahatçylyk gepleşikleri başlanaly bäri, Kabul resmileri Owganystandaky parahatçylygy goldamak we Talybany zorlukdan ýüz öwürmäge mejbur etmek üçin sebitleýin ylalaşygyň zerurdygyny birnäçe gezek nygtadylar.
Şoňa görä-de, Owganystanyň parahatçylyk etabyna ylalaşyga we has uly sebit goldawyna kömek edip biljek islendik meýilnama owgan häkimiýetleri tarapyndan makullanar.
Eýran bilen Päkistan ,Owganystan üçin iki möhüm we strategiki goňşudyr, urşy bes etmekde we parahatçylygy we asudalygy üpjün etmekde möhüm rol oýnaýar.
Owganystan bilen Päkistanda dürli sebäpler, şol sanda serhet dawalary bilen köpden bäri dowam edip gelýän dartgynlylyk bar bolsa-da, Kabul resmileri Yslamabadyň roluny öz ýurdunyň ösüşinde diýseň täsirli hasaplaýarlar we Pakistanyň bu ugurda aç-açan we dogruçyl kömegini isleýärler.
Eýranyň Owganystandaky krizisi çözmek üçin owgan we pakistan hökümetleriniň wekilleri bilen üç taraplaýyn ýygnak geçirmek baradaky teklibi Yslamabadyň sebitleýin ýygnaga goşulmagy we mejlisiň kararlaryny durmuşa geçirmegiň zerurlygy sebäpli Kabul resmileri üçin aýratyn möhümdir.