Astana gepleşikleriniň 16-njy tapgyry
Eýran delegasiýasy Astana gepleşikleriniň 16-njy tapgyryna gatnaşýar
Siriýa barada "Astana prosesi" ýokary derejeli gepleşikleriň 16-njy tapgyry şu gün, 7-nji iýulda Gazagystanyň paýtagty Nursoltanda ,Russiýanyň, Eýranyň we Türkiýäniň, Siriýanyň hökümetiniň we Siriýanyň oppozisiýasynyň wekilleri we Birleşen Ştatlaryň wekilleri bilen başlandy. BMG, Iordaniýa, Liwan we Yrak synçy hökmünde bolýarlar.
Duşuşyga gatnaşýan Eýranyň wekiliýetine Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy meseleler boýunça uly kömekçisi Ali Asgar Haji ýolbaşçylyk edýär.
Iki gün dowam etjek ýygnakda gepleşik geçirýänler Siriýadaky soňky ýagdaýy, halkara ynsanperwer kömegini, Siriýanyň Konstitusiýa komitetiniň Ženewada gaýtadan başlamagynyň geljegini we tussaglaryň alyş-çalşygyny, boşadylmagyny öz içine alýan ynam dörediji çäreleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Eýranyň wekiliýetiniň Siriýa eden sapary, Astana gepleşiklerinde täsirli rol oýnap, terrorçylyga garşy göreşiň we Eýran üçin sebit howpsuzlygynyň döredilmeginiň möhümdigini görkezýär.
Siriýadaky wakalaryň öňünde Eýranyň daşary syýasaty sebitde durnuklylygy, territorial bitewiligi we köpçülikleýin howpsuzlygy üpjün etmekden ybaratdyr.
Günbatar Aziýa meseleleri boýunça bilermen Asgar Zarei, Eýran çydam güýçlerine goldaw bermegini dowam etdirýär diýdi; ol şeýlede Sardar Soleýmanyň şehit bolmagy Eýran Yslam Respublikasynyň täsirini we sebitdäki garşylyk güýçleriniň hereketini azaldyp biler diýip pikir etmek ýalňyşlykdyr diýdi. Häzirki wagtda garşylyk oky adama bagly däl we aslynda sebitde durnukly we daşary ýurt güýçleriniň goşulyşmagyna we basyp alynmagyna ýol bermeýän bir görnüşi görýäris. Şonuň üçin Sardar Soleýmanyň şehit bolmagy ýaly käbir wakalar Eýran Yslam Respublikasyny terrorçylyga garşy göreşmek we garşylyk okuny goldamak maksadyndan saklap bilmez.