Eýran bilen Hytaýyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
Hytaýyň Daşary işler ministri Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen telefon arkaly iki taraplaýyn gatnaşyklar we Owganystan meselesi barada gürleşdi.
Wang Wei, Muhammet Jawad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde "Pekin, prezident Hasan Ruhaniniň we Eýran hökümetiniň soňky sekiz ýylda Hytaý-Eýran gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan goşandyna ýokary baha berýär" -diýdi.
Hytaýyň Daşary işler ministri Pekiniň, Eýranyň saýlanan prezident Seýid Ybraýym Raisi we täze Eýran hökümeti bilen iki ýurduň arasyndaky özara ynam we birek-birege goldaw, dostlukly alyş-çalyş we hyzmatdaşlygy giňeltmek we bu prosesi ösdürmek üçin işlemek isleýändigini aýtdy. ol şeýle-de Birtaraplaýynlyk we gorkuzmak ýörelgesine bilelikde garşy durmak, köptaraplaýynlygy, halkara adalatyny we adalatlylygy goramak, umumy bähbitleri we ösýän ýurtlary mümkin boldugyça goramak üçin işlemek ugurda tagalla edilmegini nygtady.
Eýranyň Daşary işler ministri bu telefon söhbetdeşliginde şeýle diýdi: Tähran Hytaý bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýär we täze hökümet Eýranda işe başlansoň bu gatnaşyklaryň hasam çuňlaşjakdygyna ynanýar.
Hytaý we Eýranyň Daşary işler ministrleri şeýle-de Owganystandaky häzirki ýagdaý ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.