Owganystandaky döwlet işgärleri üçin umumy günä geçiş
"Talyban" ähli döwlet işgärleri we jogapkärleri üçin umumy amnistiýa yglan etdi we wezipelerini ynam bilen dowam etdirmäge çagyrdy.
Owganystanyň AWA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, "Talyban" öz beýanatynda ähli resmileriň we işgärleriň amnistiýa sezewar edilendigini we adaty durmuşa doly ynam bilen dolanmalydygyny aýtdy.
Beýleki tarapdan, "Talybanyň" başlygynyň orunbasary Maulwi Ýakup ähli Talyban güýçlerine hökümet işgärleriniň öýlerine girmezlik ýa-da howp salmazlyk barada sesli habar berdi.
"Talyban" toparynyň metbugat sekretary Zabihullah Mujahid hem mundan ozal twitter hasabynda "Talyban" geýiminde pursatdan peýdalanyp, adamlaryň öýlerine girip, emläklerini ogurlaýanlara agyr jeza beriljekdigini aýtdy.
"Talyban" ýekşenbe güni (15-nji awgust) agşamara Kabula girdi we Talybanyň gelmegi bilen bir wagtda Prezident Muhammet Aşraf Gani Kabuldan gaçdy.
Aşraf Ganiň Kabuldan çykmagy bilen, Owganystan döwleti ýykyldy.
Talyban topary Kabuly basyp almak bilen Owganystandaky söweşiň gutarandygyny habar berdi.
Talyban agzalary Parwan we Panjşir welaýatlaryndan başga ähli Owganystanda agdyklyk edýär.