Talybanyň metbugat sekretarynyň Kabuldaky metbugat ýygnagy
(last modified Tue, 17 Aug 2021 17:26:09 GMT )
Aug 17, 2021 22:26 Asia/Ashgabat
  • Talybanyň metbugat sekretarynyň Kabuldaky metbugat ýygnagy

"Talybanyň" metbugat sekretary Zabihullah Mujahid Owganystanyň paýtagty Kabulda guralan metbugat ýygnagynda daşary ýurtly basybalyjylara garşy dowamly garşylygyň ýeňiş açarydygyny aýtdy.

"Al Jazeera" telewideniýesiniň habaryna görä, "Talybanyň" metbugat sekretary Zabihullah Mujahid sişenbe güni Kabuldaky ilkinji metbugat ýygnagynda birnäçe ýyllap dowam eden garşylyklardan soň Owganystan basyp alyjylary ýurtdan kowup bildi diýdi.

Zabihullah Mujahid, Talybanyň Owganystanda giňişleýin yslam ulgamyny döretmek isleýändigini we beýleki ýurtlar bilen aragatnaşyk saklamagyň ileri tutulýandygyny aýtdy.

"Zabihullah Mujahid" Owganystanyň halkyny bu ýeňiş bilen gutlady we Owganystanyň ähli halkynyň bu ýurdy basyp alyjylardan azat etmek bilen gazanan ýeňişlerine gatnaşýandygyny aýtdy.

"Talybanyň" metbugat sekretary erkinligi we garaşsyzlygy owgan halkynyň kanuny hukugy diýip atlandyrdy we Talybanyň hiç kime garşy ýigrenjiniň ýokdugyny we içerki ýa-da daşarky duşmanlaryň bolmagyny islemeýändigini aýtdy.

"Talybanyň" metbugat sekretary: Biziň garşymyzda duranlaryň hemmesine amnistiýa berdik we urşuň dowam etmegini islemeýäris, eýsem ony sebäplerini ýok etmek ugurda synanyşýarys diýdi.

"Talybanyň" metbugat sekretary Zabihullah Mujahid Owganystanyň paýtagty Kabulda we onuň töwereginde, ilçihanalarda we diplomatik wekilhanalarda howpsuzlygy üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy.

"Talybanyň" metbugat sekretary çykyşynyň başga bir böleginde şeýle diýdi: "Talyban" yslam kanunlary boýunça aýallaryň hukuklaryna ygrarly, sebäbi Owganystanyň ösüşinde konstruktiw rol oýnaýandyklaryna ynanýarlar.

"Talybanyň" metbugat sekretary Zabihullah Mujahid şeýle-de "Talyban, Owganystanyň haýsydyr bir neşe önümçiliginiň merkezi bolmajakdygyny dünýä ynam berýär diýdi.

Zabihullah Mujahid, şol bir wagtyň özünde hiç bir adamyň ýa-da partiýanyň Owganystanyň territoriýasyndan beýlekilere hüjüm etmegine ýol bermejekdigimizi aýtdy.

Tags