Siriýanyň resmileriniň Eýrana minnetdarlygy
(last modified Mon, 30 Aug 2021 15:52:39 GMT )
Aug 30, 2021 20:52 Asia/Ashgabat
  • Siriýanyň resmileriniň Eýrana minnetdarlygy

Siriýanyň resmileriniň Eýrana minnetdarlygy Yslam respublikasynyň sebitdäki pozisiýasynyň hakykatyny görkezýär.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahianyň, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen Damaskda  geçiren duşuşygynda, Assad ,Eýran Yslam Respublikasyna ýurduna berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirip iki ýurduň arasyndaky dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň we ösüşleriň möhümdigini aýtdy.

  Başar al-Assad-den öň  Siriýanyň Daşary işler ministri Faýsal Mikdad ,Eýran Yslam Respublikasyna terrorçylara garşy göreşde   Damaska ​​goldaw berýändigi üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Eýran Yslam Respublikasyndan gadyrdanlyk  etmek aç-açan hakykaty görkezýär. Eýranyň sebiti durnuklaşdyrmakda we sebitdäki käbir režimler tarapyndan hemaýatkärlik edilýän terrorçylary  ýok etmekde iň möhüm  aktýorlaryň biridigini, aýtdylar.   Siriýanyň resmileriniň aýdan sözleri, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň şenbe güni Bagdatda geçirilen konferensiýada, Abdullahian   Eýran Yslam Respublikasynyň täze Yragy ykrar eden ýurtdygyny we oňa   terrorçylara garşy göreşde goldaw beren  ilkinji ýurtdygyny aýtdy .

Aslynda, Amir Abdullahýanyň sözleriniň aýdylmadyk bir bölegi, Eýran ýaragly terrorçylara garşy söweşde Yrak hökümetini goldamakda ýeke ýurt bolandygyny we sebitdäki beýleki ýurtlar Yrak hökümetinden ýüz öwürendiklerini aýdyp,Bagdad sammitine gatnaşanlar al-Haşd al-Şabi güýçleriniň we görnükli şehitleriň gurbanlyklary sebäpli ýygnanşandyklaryny, terrorçylyga garşy göreşmegiň we Yrakda durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň zerurdygyny ara alyp maslahatlaşandyklaryny nygtady.

Şeýlelik bilen, häzirki wagtda Yrakda parahatçylyk we durnuklylyk bilen buýsanýan we terrorçylyga garşy göreşmegiň zerurlygy barada gürleýän bu ýurtlar bir wagtlar sebitde ekstremizmiň we takfiriň tohumlaryny ekipdiler.