Sep 10, 2021 16:55 Asia/Ashgabat
  • Putin: ABŞ Owganystanyň häzirki ýagdaýynyň jogapkäridir

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Owganystandaky häzirki ýagdaý üçin Amerikany günäkärledi.

IRNA-nyň habaryna görä, Putin penşenbe güni Hindistan tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän BRICS toparynyň sammitinde beren gürrüňlerinde ABŞ we ýaranlarynyň goşunlarynyň Owganystandan çekilmegi täze krizise sebäp boldy, onuň sebit we global howpsuzlyga nähili täsir etjekdigi entek belli däldir diýdi.

Putin şeýle-de BRICS ýurtlary Owganystandan neşe gaçakçylygy we terrorçylygyň ýaýramagy bilen gyzyklanmaýar diýdi.

Orsýetiň prezidenti duşuşygyň dowamynda, dünýädäki gaty dartgynly ýagdaýy göz öňünde tutup, BRICS ýurtlarynyň gaty ýakyn gatnaşmagynyň möhümdigini belledi.

Ol Şeýle hem, BRICS-yň ygtybarynyň we halkara gatnaşyklardaky ornunyň artýandygyny aýtdy.

Şeýle hem Putin Orsýetiň ähli BRICS ýurtlary bilen ýakyndan işleşmäge taýýardygyny aýtdy.

BRICS Orsýet, Hytaý, Hindistan, Braziliýa we Günorta Afrika ýaly ösýän bäş ykdysadyýeti öz içine alýar.

Tags