Hytaý ABŞ-nyň Eýrana garşy sanksiýalaryna berk garşy çykýar
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Waşingtonyň Pekine Eýran nebitini satyn almagyny azaltmak baradaky haýyşy barada soralanda, Hytaýyň ABŞ-nyň birtaraplaýyn sanksiýalaryna berk garşydygyny aýtdy.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hytaý-Eýran gatnaşyklaryny dürli ugurlarda gorap, Hytaýyň ABŞ-nyň birtaraplaýyn sanksiýalaryna garşydygyny gaýtalady.
Hytaý resmisi Eýran-Hytaý gatnaşyklarynda deňlik we özara bähbitlilik ýörelgesine salgylanyp, Pekin-Tähran hyzmatdaşlygynyň halkara düzgünlerine esaslanýandygyny aýtdy.
Ol sözüniň dowamynda Hytaý birtaraplaýyn sanksiýalara berk garşy çykýar we Amerikany içerki kanunlaryny beýleki ýurtlara we halkara guramalaryna girizmegi gysga wagtda bes etmäge çagyrýar diýdi.
Waşington ýadro şertnamasyny dikeltmek üçin Wena gepleşiklerine dolanmaga taýýardygyny öňe sürse-de, Roýter habar gullugy ABŞ we Ýewropa resmilerine salgylanyp, Eýranyň çig nebitini satyn almaklaryny azaltmak üçin Hytaý bilen habarlaşandygyny habar berdi.