Moskwa: Orsýet Eýran bilen harby hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr
https://parstoday.ir/tk/news/world-i13988-moskwa_orsýet_eýran_bilen_harby_hyzmatdaşlygy_giňeltmäge_taýýardyr
Orsýetiň Goranmak ministri "Sergeý Şoigu" sişenbe güni Moskwa Eýran bilen dürli we dinamiki harby hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 20, 2021 11:55 Asia/Ashgabat
  • Moskwa: Orsýet Eýran bilen harby hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr

Orsýetiň Goranmak ministri "Sergeý Şoigu" sişenbe güni Moskwa Eýran bilen dürli we dinamiki harby hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyr diýdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä Orsýetiň Goranmak ministri: Halkara terrorçylyga garşy giň ýaýran söweşde dinamiki we dürli görnüşli Moskwa-Tähran gatnaşyklaryny görüp bolýar diýdi.

Şoigu Orsýetiň we Eýranyň Goranmak ministrlikleriniň şu ýyl bilelikdäki hereket meýilnamasynyň bardygyny aýtdy.

Orsýetiň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy Waleriý Grasimow hem duşenbe güni Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy general Muhammet Bageri bilen duşuşanda Eýrany Orsýetiň ýakyn hyzmatdaşy hökmünde görkezip, "iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar uzak däp-dessurlara esaslanýan dostlukly ýagdaýda ösýär we ikitaraplaýyn gepleşikler dowam edýär" -diýdi.