Jan 17, 2022 00:01 Asia/Ashgabat
  • http://news.parstoday.com/newsfeed/16386171/view

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ,(NATO-nyň) gündogara giňelmegi hakda duýduryş berdi.


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin şenbe güni Russiýa 1 tete ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň (NATO-nyň) gündogara giňelmegi hakda duýduryş berdi.
Putin ,NATO we ABŞ bilen gepleşiklerde "Moskwanyň yza çekilmegi üçin ýer ýok" -diýdi.
2021-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Russiýa , ABŞ-a we NATO-a hat iberdi. Bu barada 2022-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Russiýa-ABŞ strategiki howpsuzlyk gepleşiklerinde, 12-nji ýanwarda Russiýa-NATO  geňeşiniň mejlisinde we 13-nji ýanwarda  Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik Geňeşiniň mejlisine  ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de bolsa, bu gepleşikleriň hemmesiniň netijesi negatiw boldy we ikitaraplaýyn jedeller we dartgynlyk çözülmedi.
Russiýanyň NATO we ABŞ bilen esasy tapawudy iki möhüm meseledir: NATO-nyň gündogara  tarap ösmekde edýän tagallalary we Russiýanyň  serhetleriniň golaýynda NATO-nyň harby enjamarynyň we ýaraglarynyň ýerleşdirilmegidir. Russiýa-NATO Geňeşiniň arasynda geçirilen soňky gepleşiklere garamazdan, Emma Günbatar harby guramasynyň ýokary wezipeli adamlary Ukrainanyň we Gürjüstanyň NATO-a goşulmagynyň zerurdygyny öňe sürýärler,welin bu mesele Moskwanyň nukdaýnazaryndan  Russiýanyň milli howpsuzlygyna gönüden-göni howp salýandyr.
Şenbe güni NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg soňky çykyşynda harby bileleşigiň 2008-nji ýylda Ukraina bilen Gürjüstanyň NATO-a goşulmalydygyny karar berendigini, ýöne haçan boljakdygyny aýtmandygyny aýtdy.
 

Tags