Katar ,Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary giňeltmek kararyna geldi
(last modified Mon, 21 Feb 2022 16:44:00 GMT )
Feb 21, 2022 21:44 Asia/Ashgabat
  • Katar ,Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary giňeltmek kararyna geldi

Eýranyň prezidenti, Seýid Ebrahim Räisiniň Katara eden sapary wagtynda ,Eýran bilen Kataryň arasynda 14 sany möhüm resminama gol çekildi.

 

  21-nji fewralda, Eýranyň prezidenti Seýid Ybraýym Räisi, Doha şäherinde geçiriljek Bütindünýä gaz eksport edýän ýurtlaryň altynjy sammitine gatnaşmak üçin Kataryň emiri Şeýh Tamimiň resmi çakylygy boýunça Katara gitdi. Bu sapar Seýid Ybraýym Räsiniň, Eýranyň prezidenti bolany bäri Pars aýlagynyň arap ýurtlaryna ilkinji saparydyr.

Şeýh Tämim, Eýranyň prezidentiniň saparyna uly ähmiýet berdi we Seýid EbrahIm RÄisini Doha howa menzilinde garşy aldy. Umuman aýdanyňda, Kataryň hökümeti ,Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary giňeltmekde uly ähmiýete eýe bolup, Doha-Tähran gatnaşyklary köplenç üýtgemedi we hemişe paýhasly, parahatçylykly ýoly dowam etdirdi. Möhüm sorag, Kataryň hökümeti näme üçin Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklaryň giňelmegine ünsi çekýär?

Munuň birnäçe möhüm sebäbi bar.

Birinjisi;   Saud Arabystan, Bahreýn ýa-da BAE ýaly ýurtlara görä,Katar,Eýran Yslam Respublikasyna gowy garaýyşy bar. Kataryň resmileri Eýran Yslam Respublikasynyň sebitde parahatçylygy goldaýan paýhasly we akylly aktýordygyna ynanýarlar. Kataryň öňki premýer-ministri Hamad bin Jasem al-Tani tarapyndan edilen iki beýannama bu pikiri tassyklaýar. Hamad bin Jasem geçen ýylyň ahyrynda twit ýazyp: "Eýran, Pars aýlagynyň parahatçylyk köli bolmagy bilen gyzyklanýar. Kataryň öňki premýer-ministri 2022-nji ýylyň 9-njy fewralynda twit ýazdy: "Eýrana uly hormatym bar; "Dünýä meselelerine akyl we ugurtapyjylyk bilen seredýärler diýipdi".

Ikinjisi; Katar arap döwleti we Pars Aýlag hyzmatdaşlygy geňeşiniň agzasy, emma bu ýurt bilen Saud Arabystanynyň arasynda ýeterlik ynam ýok. Katar diňe Saud Arabystany bilen gury ýer serhedini paýlaşýar we Saud Arabystany Katara basyş etmek üçin 2017-nji ýylda şol serhetden peýdalandy. Mundan başga-da, Saud Arabystany  Katary özünden aşakda görýär, Doha bu meselä birnäçe gezek nägilelik bildirdi we Riýady Dohanyň özygtyýarlylygyna we garaşsyzlygyna hormat goýmaga çagyrdy. Kataryň Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklarynyň giňelmegi, bir tarapdan Kataryň daşary syýasatda garaşsyzlyga berýän ähmiýetini görkezýär, sebäbi Saud Arabystany haýsydyr bir arap döwletiniň Eýran bilen gatnaşyklarynyň giňelmegini goldamaýar. Emma Eýran,adatdan daşary ýagdaýlarda Katara goldaw erýär.  

Üçünjisi; Katar Günbatar Aziýa sebitinde täsirli we işjeň oýunçy bolmaga synanyşýar. Katar ABŞ bilen strategiki ýaranlygy saklamak bilen bir hatarda Eýran Yslam Respublikasy we Türkiýe ýaly güýçler bilen gatnaşyklaryň giňelmegini garşy alýar.