Yranyň Ýemeniň ýaraşyk şertnamasyny goldamagy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i16304-yranyň_Ýemeniň_ýaraşyk_şertnamasyny_goldamagy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýran Yslam Respublikasynyň Yemendäki ýaraşyk şertnamasyny goldaýandygyny we bu ýaraşyk üçin ençeme aý bäri garaşýandygyny aýtdy.
(last modified 2022-04-04T23:50:19+00:00 )
Apr 05, 2022 04:50 Asia/Ashgabat
  • Yranyň Ýemeniň ýaraşyk şertnamasyny  goldamagy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýran Yslam Respublikasynyň Yemendäki ýaraşyk şertnamasyny goldaýandygyny we bu ýaraşyk üçin ençeme aý bäri garaşýandygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh ,Eýran Yslam Respublikasynyň Yemendäki ýaraşyk şertnamasyny goldaýandygyny we bu ýaraşyk üçin ençeme aý bäri garaşýandygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh duşenbe güni "Eýranyň Saud Arabystanyny Yemendäki hereketlerini togtatmaga höweslendirýändigi möhümdir" -diýdi. Ol ,Yemendäki ot açyşygyň bes etdirilmegi bilen indi Yemeniň içindäki gepleşikler we olar üçin ynsanperwer kömek bermek mümkin bola diýidi

Yemeniň milli halas ediş hökümeti we Saud Arabystanynyň agressiw koalisiýasy 2-nji aprelden BMG tarapyndan maliýeleşdirilýän iki aýlyk ýaraşyk şertnamasy barada ylalaşdylar.

2015-nji ýylyň 26-njy martynda Saud Arabystany birnäçe arap ýurtlarynyň koalisiýasy görnüşinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kömegi we ýaşyl çyrasy bilen, işden kowulan prezident Mansur Hadini gaýdyp gudrata dolandyrmak bahanasy bilen Yemende giň gerimli hüjüm gurady.  

Eýran Yslam Respublikasynyň Yemen krizisine dowam edýän çemeleşmesi hemişe ýurtdaky urşy bes etmek üçin syýasy çözgüdi goldaýar we indi Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretarynyň aýdyşy ýaly atyşygyň bes edilmegi syýasy başlangyç üçin ýol açmalydyr Yemendäki krizisi çözmelidir.

 

2015-nji ýylyň 26-njy martynda Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa Yemende harby hüjüm gurandan soň, Eýran Yslam Respublikasy bu hüjüme reaksiýa bildirdi.

Eýran ilki bilen Ýemen krizisine syýasy çözgüt üçin dört punktly meýilnama teklip etdi. 2015-nji ýylyň 17-nji aprelinde Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky şol wagtky ilçisi Golam-Ali Hoşrou BMG-nyň Baş sekretarynyň kömekçisi Ian Eliasson bilen duşuşyp, Ýemen krizisini ara alyp maslahatlaşdy we Eýranyň Daşary işler ministrinden hat iberdi.