BMG Owganystandaky azyk krizisi barada duýduryş berdi
(last modified Tue, 10 May 2022 08:29:41 GMT )
May 10, 2022 13:29 Asia/Ashgabat
  • BMG Owganystandaky azyk krizisi barada duýduryş berdi

Birleşen Milletler Guramasy Owganystanyň käbir ýerlerinde azyk krizisiniň betbagtçylyk derejesine ýetendigini aýdýar.

ABŞ-nyň iki onýyllyk harby basybalyjylygy we Owganystandaky raýat urşy ýurduň infrastrukturasyny düýbünden ýok etdi. 2021-nji ýylyň 15-nji awgustyndan bäri Owganystany dolandyrýan Talybanyň wagtlaýyn hökümetine senagatyň we ykdysadyýetiň tigirlerini herekete getirmek üçin pul gerekdir. Emma Amerikanyň Birleşen Ştatlary Owganystana berilýän kömegi togtatmakdan ýa-da azaltmakdan başga-da takmynan 10 milliard dollarlyk emlägini boluke edip 11-nji sentýabrda ölenleriň peýdasyna bir bölegini konfiskasiýa etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasynyň we Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň (WFP) hasabatyna görä, Owganystandaky 19,7 million adam azyk krizisiniň iň erbet ýagdaýyndadyr we olardan takmynan 20 milliony ýurduň demirgazyk-günbatarynda has ýiti görünýän ýiti iýmitlenmezlik bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Owganystandaky azyk howpsuzlygynyň esasy sebäpleri ykdysady çökgünlik, guraklyk, azyk önümleriniň bahasynyň ýokary bolmagy we Ukrainadaky urşuň global täsiridir.

FAO-nyň Owganystandaky wekili Riçard Trençard Owganystana ynsanperwerlik kömegi diýseň möhüm, ýurtdaky oba hojalygy dargady we oba we şäher töweregindäki jemgyýetleri Owganystanyň şäher bazarlaryna birikdirmek kyn diýmek bilen bu päsgelçilikler we meseleler aýrylýança bu krizisden çykalga ýok diýdi.

Tags