May 22, 2022 13:41 Asia/Ashgabat
  • Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň prezidentleri söwda we howpsuzlyk şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegini nygtadylar

Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň prezidentleri iki ýurduň söwda, ulag we serhet howpsuzlygy meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada telefon arkaly söhbetdeşlikde ylalaşdylar.

Gyrgyzystan 1992-nji ýylyň sentýabr aýynda Özbegistanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi we 1993-nji ýylyň fewral aýynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. 2021-nji ýylda Özbegistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky söwda 952 million 600 müň dollara ýetdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä Gyrgyzystanyň prezidenti Sadir Jabarow Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi, däp bolan dostlugyň ösüşi we çuňlaşmagy, hoşniýetli goňşuçylyk we Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin gepleşik geçirdi.

Mirziýew we Jabbarow sebit meselelerine ünsi çekip, Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwdany ýokarlandyrmagy goşmak bilen söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Häzirki wagtda Özbegistanda gurluşyk materiallary, konditer önümleri we aýakgap önümleri, bölek satuw, naharhana hyzmatlary, transport hyzmatlaryna Gyrgyzystanyň maýadarlarynyň gatnaşmagynda 57 kompaniýa işleýär.

Şeýle hem Gyrgyzystanda Özbek raýatlarynyň gatnaşmagynda 51 bilelikdäki kärhana döredildi.

Tags