Russiýa: IAEA-da Eýrana garşy rezolýusiýany goldamaýarys
Russiýanyň halkara guramalaryndaky wekili, Moskwa Günbataryň Eýran barada konstruktiw däl karary Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Dolandyryjylar Geňeşi tarapyndan tassyklanan halatynda, bu karary kabul etmez diýdi.
Ýadro şertnamasyndaky Ýewropa Bileleşigine agza döwletler (Angliýa, Germaniýa we Fransiýa) ABŞ bilen bilelikde duşenbe güni (6-njy iýunda) Wenada geçirilip başlanan Dolandyryjylar geňeşinde Eýrana garşy karar taslamasyny Halkara Atom Energiýasy Guramasyna (IAEA) hödürlemegi meýilleşdirýärler bu kararyň çarşenbe güni gözden geçirilmegi mümkindir.
Bu resminama käbir esassyz aýyplamalary gaýtalaýar we Eýrany BMG-nyň bu guramasy bilen hyzmatdaşlyga çagyrýar.
IRNA-nyň habaryna görä, sişenbe güni irden Russiýanyň halkara guramalardaky wekili Mihail Ulianow bir hat boýunça
IRNA-nyň habaryna görä, sişenbe güni irden Russiýanyň halkara guramalardaky wekili Mihail Ulianow bir hat boýunça Wena gepleşiklerine (ABŞ, Angliýa, Fransiýa we Germaniýa) günbatarly gatnaşyjylaryň Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Dolandyryş Geňeşiniň häzirki mejlisinde Eýran barada karar kabul etmek niýeti konstruktiw däldir diýip aýtdy.
Ulianowyň aýtmagyna görä, Russiýa Eýran barada konstruktiw däl karar, Agentligiň Dolandyryş Geňeşiniň häzirki mejlisinde tassyklanan halatynda ony goldamaz diýdi.