Eýranyň, Hytaýyň we Hindistanyň raýatlary üçin Gazagystana wizasyz syýahat
"Nur Soltan", Eýranyň, Hytaýyň we Hindistanyň raýatlaryna 14 günlük wizasyz Gazagystana gitmäge rugsat berdi.
TASS habar gullugynyň habaryna görä, 14 günlük ýaşamak rugsady bu üç ýurduň raýatlaryna şahsy, işewürlik we syýahatçylyk maksatlary üçin wizasyz Gazagystana gitmäge mümkinçilik berýär.
Bu habara görä, Gazagystanyň Içeri işler ministrligi öz beýanynda 2022-nji ýylyň 8-nji iýulyndan başlap bu ýurduň Eýranyň, Hindistanyň we Hytaýyň raýatlary üçin birtaraplaýyn tertipde wizasyz syýahat başlandygyny mälim etdi.
Gazagystanyň Içeri işler ministrligi sözüniň dowamynda: Her 180 günlük döwürde 42 günden gowrak wizasyz galmak mümkin däldir diýip yglan etdi. Şeýle hem, bu döwürde pul gazanmak üçin işlemek ýa-da başga bir iş (wizasyz galýan wagtynda) gadagandyr.