Baýdeniň sebite eden sapary bilen bir wagtda Räisiň Amerika üçin duýduryşy
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýranyň dogry we logiki pozisiýalaryndan yza çekilmejekdigini mälim etdi we hiç kimiň Eýran halkyna zor bilen gürleşmäge hukugynyň ýokdugyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Räisi Amerikanyň ýadro ylalaşygy baradaky soňky talaplaryna jogap edip, çarşenbe güni Amerikalylaryň bu ylalaşyga gaýdyp gelmelidigini aýtdy. Yslam Respublikasy bolsa bu ylalaşykdan hiç wagt yza çekilmedi we ony bozan Amerika boldy diýip Räisi aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bu sözlerini ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň sebite eden sapary bilen bir wagtda beýan etdi.
Baýden çarşenbe güni Palestinanyň basyp alnan ýerlerine sapar etdi we Sionist režimi we Palestina dolanşygynyň resmileri bilen duşuşmagyndan soň Saud Arabystanyna gitmeli; Baýden, şeýle hem, Pars aýlag hyzmatdaşlygy geňeşiniň Jidda şäherinde geçiriljek mejlisine gatnaşýar.
Saud Arabystany, Kuweýt, Bahreýn, Birleşen Arap Emirlikleri, Katar we Oman, Yrak, Iordaniýa we Müsür ýurtlar bu mejlise gatnaşýarlar.
Käbir arap reimesimlerini sebitdäki Eýran-fobiýanyň güýçlenmegi bilen bir wagtyň özünde sionist režime ýakynlaşdyrmak, şeýle hem nebit eksportyny ýokarlandyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk barada Arabystanyň razylygyny almak Baýdeniň bu saparynyň maksatlaryndan hasaplanýar.
Şunuň bilen baglylykda Jo Baýden "Waşington Post-da" çap eden hasabatynda , Eýranyň ýadro şertnamasyna gaýdyp gelýänçä Waşingtonyň ykdysady we diplomatik basyşynyň dowam etdiriljekdigini habar berdi.
Ak tamyň işgärleri tarapyndan Eýrany günäkärlemek, Eýran Yslam Respublikasynyň ýadro ylalaşykdan hiç haçan yza çekilmändigi, emma 2018-nji ýylyň 8-nji maýynda bu şertnamany birtaraplaýyn tertipde Trampyň bozmagy mälim bolandyr we ABŞ we Baýden administrasiýasy hem Trampyň bu hereketini tankyt edipdi. Ýöne Baýdeniň administrasiýasy hem Eýrana garşy şol bir syýasaty we iň ýokary basyşy dowam etdirdi.
Eýrana garşy sanksiýalaryň yzygiderli ulanylmagy ,Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň gepleşiklerde ýadro ylalaşykdan başga talaplara ýüzlenmegi bu gepleşiklere päsgel berýär. Waşington işgärleri bu ýurduň öňki hökümetiniň şowsuz syýasatlaryny dowam etdirýärler.
Häzirki wagtda Baýdeniň sebit sapary bilen birlikde, Amerikanyň häkimiýetleriniň Eýran-fobiýa syýasatlary güýçlendirdi.
Sionist režimi goldamak we bu režimiň häzirki syýasy, howpsuzlyk we jemgyýetçilik krizislerinden çykmagyna kömek etmek Amerikanyň maksatydyr.