Günbatar aziýa ,Baýden administrasiýasynyň daşary syýasatynda
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden sebite ilkinji sapary bilen Palestinanyň baslyp alnan ýerlerine bardy we ýakyn günlerde Saud Arabystanyna barar.
Baýdeniň sebite saparynyň başlanmagyna garamazdan, Amerikanyň Günbatar Aziýadäki syýasaty soňky bir ýarym ýylda aç-açan gapma-garşylyklardan ejir çekýändir. Baýden bir hili asyr şertnamasynyň meýilnamasyny we sionist režimiň iki döwletli çözgüt ýolya äsgermezligini tankytlapdy. Saud Arabystanynyň içerki we daşary syýasatyny Baýden aç-açan tankytlapdy, Ýemendäki urşy bes etmegiň zerurdygyny aýdypdy we Amerikany Eýran bilen ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmäge çagyrypdy we Amerikanyň Eýrana garşy iň ýokary basyş syýasatyny şowsuz diýip häsiýetlendiripdi. Bu aralykda Amerika Yrak hökümeti bilen goşunlaryny Yrakdan çykarmak barada ylalaşypdy we käbir goşunlaryny hem çykarypdy.
Şeýle-de bolsa, wagtyň geçmegi bilen Baýden administrasiýasynyň Günbatar Aziýa bilen baglaşykly syýasaty üýtgedi.Amerikanyň sionist režimine berýän goldawy artdy we bu nukdaýnazardan basyp alnan ýerler, Baýdeniň sebite saparynyň ilkinji nokady hökmünde saýlandy. Saud Arabystanyny aç-açan tankytlamak we Saud Arabystanyň şazadasy Muhammet bin Salman bilen duşuşmazlyk baradaky toslamalar puç boldy. Waşington , Riýadyň nebit önümçiliginiň artdyrylmagyny isledi. netijede Saud Arabystany Baýdeniň Arap ýurtlara saparynyň ilkinji ýeri hökmünde saýlandy we bu saparda Bin Salman bilen hem duşuşjakdygy çak edilýär. ABŞ-yň ýadro şertnama dolanmak baradaky talaplary başa barmady we Baýden administrasiýasynyň Eýrana garşy sanksiýalary artypdur.
Ýene bir mesele, basyp alnan ýerlerde, Saud Arabystanynda we umuman Günbatar Aziýa sebitinde häzirki ýagdaý bilen baglanyşyklydyr. Baýden, Sionist režimiň soňky ýyllarda iň erbet syýasy ýagdaýynda bolan zamanynda basylyp alnan ýerlere sapar etdi. Bu režim geçen ýyllarda Knessetiň we Ministrler Kabinetiniň dargamagy bilen ýüzbe-ýüz bolupdy, emma indi basylyp alnan ýerlerde syýasy agzalalyk iň ýokary derejededir, şonuň üçin syýasy oppozisiýa toparlar, partiýa we topar bähbitlerini milli bähbitlerden ileri tutýarlar we agyr harajatly saýlawlar geçirýärler.
Amerikanyň prezidenti Saud Arabystanyna sapar edýär, şol bir wagtyň özünde Waşington bilen Riýadyň arasyndaky gatnaşyklaryň görnüşine has köp seredýär, sebäbi analitikleriň köpüsi Baýdeniň Saud Arabystanyna garşy alyp barýan daşary syýasatyny haýsydyr bir üstünlik gazanyp bilmän üýtgetmäge mejbur edilendigine ynanýarlar. Bu aralykda, Baýdeniň Saud Arabystanyna eden saparynyň esasy ýeňijisi Muhammet bin Salman bolup, patyşalyga ýetmekde ýagdaýy gowlaşýar.
Bu şert üç möhüm zady öz içine alýar. Ilki bilen; Amerika öňküsi ýaly Günbatar Aziýanyň syýasy we howpsuzlyk gurluşyna täsir edip bilmeýär. Ikinjiden; Jo Baýdeniň sebite sapary Waşington üçin aýratyn üstünlik getirmeýär we sebitara gatnaşyklarda esasanam Saud Arabystany bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklara möhüm täsir etmeýär. Üçünjiden, Baýdeniň saparyndan soň Saud Arabystany bilen Sionist režimiň arasyndaky gatnaşyklar gowulaşsa, bu ýagdaý Baýdeniň saparynyň netijesi däl-de, eýsem soňky ýyllarda esasanam Saud Arabystanynyň güýç gurluşynda emele gelen islegiň netijesi bolar.