Garabag sebitinde ýaragly dartgynlygyň täze tapgyrynyň başlamagyna Russiýa alada bildirdi
(last modified Thu, 04 Aug 2022 12:44:55 GMT )
Aug 04, 2022 17:44 Asia/Ashgabat
  • Garabag sebitinde ýaragly dartgynlygyň täze tapgyrynyň başlamagyna Russiýa alada bildirdi

Russiýanyň prezidentiniň metbugat sekretary, Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan arasynda Nagorno-Garabag sebitinde ýaragly dartgynlygyň täze tapgyrynyň başlamagyna alada bildirdi.

Nagorno-Garabag sebitindäki söweş 2020-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Ermenistanyň premýer-ministri we Azerbaýjan Respublikasynyň we Russiýa prezidentleriniň gol çeken ýaraşyk şertnamasy bilen tamamlandy we Moskwa bu şertnamanyň araçysy hökmünde çykyş etdi.

Russiýanyň araçy bolandygyna garamazdan, Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan serhet liniýalarynda hemişe dawa-jenjel bolup, biri-birini ýaraşygy bozmakda we biri-biriniň pozisiýasyna atmakda aýyplaýarlar.

Sputnik habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow penşenbe güni Kremlde geçirilen metbugat ýygnagynda Nagorno-Garabag sebitinde Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistanyň arasyndaky ýaragly dartgynlygyň täze tapgyrynyň başlanmagyna alada bildirmek bilen taraplary saklanmaga we ýaraşyk şertnamasyny durmuşa geçirmäge çagyrdy.

Tags