Oct 17, 2022 10:45 Asia/Ashgabat
  • Demirgazyk Koreýe Ballistiki Raketa Synagyny Geçirdi

Demirgazyk Koreýa 2022-nji ýylyň başyndan bäri BMG-nyň kabul eden kararlaryna garamazdan 20-den gowrak ballistiki raketa synagyny geçirdi.

Demirgazyk Koreýa 2022-nji ýylyň başyndan bäri BMG-nyň kabul eden kararlaryna garamazdan 20-den gowrak ballistiki raketa synagyny geçirdi.

Demirgazyk Koreýanyň, Gündogar deňizinde ballistiki raketa synagyny geçirendigi habar berildi.

Ýonhap habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Günorta Koreýanyň Baş ştaby, Demirgazyk Koreýanyň Gündogar deňizine ballistiki raketa atandygyny habar berdi.

Beýannamada, ballistiki raketa atmazdan ozal, Günorta Koreýanyň howa giňişliginiň 25 kilometr demirgazygynda Demirgazyk Koreýanyň Howa güýçlerine degişli 10 sany harby uçaryň bardygynyň anyklanylandygy ýatladyldy.

Beýannamada, Günorta Koreýanyň Demirgazyk Koreýanyň uçarlaryna 12 sany “F-35A” kysymly uçarlar bilen duýduryş berendigi nygtaldy.

Demirgazyk Koreýa 2022-nji ýylyň başyndan bäri BMG-nyň kabul eden kararlaryna garamazdan 20-den gowrak ballistiki raketa synagyny geçirdi.

Emma Günorta Koreýanyň döwlet Ýolbaşçysy Ýun Sukol, ýurdunyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin ABŞ we Ýaponiýa bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi

Günorta Koreýanyň döwlet Ýolbaşçysy Ýun Sukol, Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglarynyň dünýä ýurtlary taýdan howplydygyny aýtdy.

Paýtagt Seulda metbugata beýannama beren Ýun Sukol, ýurdunyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin ABŞ we Ýaponiýa bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi.

Demirgazyk Koreýa tarapyndan abanýan howpyň gün saýyn artýandygyna ünsi çeken Ýun Sukol, “Demirgazyk Koreýa ýadro ýarag ukybyny kämilleşdirýär. Bu diňe Günorta Koreýa däl eýsem bütindünýä üçin howply. Emma Demirgazyk Koreýa ýadro ýaraglary bilen hiç hili netije alyp bilmez” diýdi.

Halkynyň aladalanmazlygyny islän Ýun Sukol, ýurduna abanýan ýadro howpyna ABŞ we Ýaponiýa bilen degişli gaýtawuly görkezmäge taýardyklaryny belledi.

Günorta Koreýa düýn, soňky 2 hepdede 7 raketa synagyny geçiren Demirgazyk Koreýa synaglaryny gyssagly bes etmegi üçin çagyryş beripdi.

 

 

Tags