Oct 21, 2022 10:02 Asia/Ashgabat
  •  Germaniýanyň Prezidenti ukrainaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Germaniýanyň Prezidenti Frank Walter Ştaýnmaýer ukrainaly kärdeşi Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

 

Germaniýanyň Prezident ofisinden berilen beýanata görä, Ştaýnmaýer telefon gürrüňdeşliginde ýurdunyň Ukraina berýän goldawyny we raýdaşlygyny dowam etdirjekdigi barada söz berdi.

Ştaýnmaýer onuň hem harby ugurda hem-de ýurdunyň ýaňadandan rekonstruksiýasynda raýat goldawlar üçin degişlidigini mälim etdi.

Germaniýanyň ýumrulan elektrik, ýyladyş we suw infrastrukturasynyň ýaňadandan gurulmagyna kömek berjekdigini aýdan Ştaýnmaýer, Russiýanyň durmuş taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan infrastrukturalary nyşana almagyny ýazgardy.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý hem Germaniýanyň berýän goldawyna minnetdarlyk bildirdi. Iki lider Kiýewde ikiçäk duşuşyk geçirmekden hoşal boljakdygyny beýan etdiler.

Beýleki tarapdan Germaniýanyň metbugatynda berilen habarlarda, Ştaýnmaýeriň şu gün Ukraina sapar guramagy meýilleşdirendigi, emma howpsuzlyk sebäpli gurajak saparyny yza süýşürendigi öňe sürüldi.

Emma Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin anneksiýa edilen sebitlerde howpsuzlyk töwekgelçiliklerine maksimum derejede jogap berilmegi we ol ýerlerde sebitleýin goranyş ştablarynyň döredilmegi bilen bagly kararnama gol goýdy. 

Putin: "Donetsk Halk Respublikasynda, Lugansk Halk Respublikasynda, Herson we Zaparožýe sebitlerinde, Russiýanyň bir bölegi bolmadan ozal harby dolanşyk düzgüniniň bolandygyny ýatlatmagyma rugsat beriň. Indi bolsa şol dolanşyk düzgünini öz içimizde resmileşdirmegimiz gerek" diýip aýtdy. 

Resmi Moskwa Ukraina bilen aralaryndaky 8 aýry sebite girmäge we ol ýerlerden çykmaga çäklendirme girizdi. 

Russiýanyň hökümediniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Russiýanyň 4 aýry sebitde harby dolanşyk düzgüniň çäginde ýurduň ähli ýerinde serhetleriň ýapylmagynyň meýilleşdirilmeýändigini belledi. 

 

 

Tags