Rus diplomat: Eýran ýadro borçnamalaryna iň köp eýeren ýurtdyr
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýarag ýaýratmazlyk we ýaraglara gözegçilik bölüminiň müdiri, ABŞ-nyň ýadro şertnamasyndandan bikanun çykmagy barada aýdyp, Eýranyň halkara Atom energiýasy gullugyna agza ýurtlaryň arasynda ýadro borçnamalaryna iň köp ygrarlydygyny aýtdy.
Sputnik habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýarag ýaýratmazlyk we ýarag gözegçiligi bölüminiň müdiri Wladimir Ýermakow Eýran, ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk şertnamasynyň iň gowy taraplaryndan biri bolupdy we häzirem şeýledir we ýadro ylalaşygyna 2015-nji ýylda gol çekilmegi, Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň şol döwürde Eýrana beren ähli soraglaryny çözmäge kömek etdi diýdi.
Wladimir Ýermakow şondan soň Eýranyň Halkara Atom Energiýasy Guramasyna agza ýurtlaryň arasynda öz borçnamalaryny iň köp ýerine ýetirýändigini we borçlaryndan ýüz öwürmändigini aýtdy.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň bu işgäri, Eýranyň ýadro ýaraglaryny öndürmek maksady bilen ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk şertnamasyna gatnaşygyny täzeden gözden geçirmek isleýändigini görkezýän subutnamanyň ýokdugyny aýtdy.