Lawrow Eýrana garşy ähli bikanun sanksiýalaryň ýatyrylmagyny nygtady
Russiýanyň Daşary işler ministri Waşingtonyň Eýrana garşy iň ýokary basyş syýasatynyň we bu ýurda garşy bikanun sanksiýalaryň bes edilmegini isledi.
Amerika, öz maksatlaryna we bähbitlerine laýyklykda beýleki ýurtlara garşy her hili sanksiýalary ulanmagyň iň köp taryhyna eýe bolan dünýädäki iň uly embargo ýurt hasaplanýar.
"Fars" habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow (duşenbe) Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan Eýrana garşy ähli bikanun sanksiýalary gysga wagtda we dolulygyna ýatyrylmagyny isledi.
Russiýanyň diplomatik gullugynyň başlygy şeýle-de "Waşington Eýrana garşy iň ýokary basyş syýasatyny terk etmedi" -diýdi.
Lawrow sözüniň dowamynda Amerikan tarapyndan Eýrana garşy girizilen ähli bikanun sanksiýalary gysga wagtda yzyna gaýtaryp bolmajak suratynda ýatyrmagyny we Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararynyň berk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegini isleýäris diýdi.