Dec 29, 2022 19:21 Asia/Ashgabat
  • Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýa degişli uçarmansyz howa ulaglaryna duýduryş berip od açdy

Ýaponiýanyň hökümeti we Günorta Koreýanyň Baş ştaby 23-nji dekabrda Demirgazyk Koreýanyň ballistik raketa synagyny geçirendigini habar beripdi

Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýa degişli uçarmansyz howa ulaglarynyň howa giňişligine girmeginden soň, goşunyň duýduryş berip od açandygyny we harby uçarlaryň gözegçilik maksatly uçandygyny habar berdi. 

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi, Demirgazyk Koreýa degişli birnäçe uçarmansyz howa ulagynyň, howa giňişliginiň düzgünini bozup, ýurduň howa giňişligine girendiginiň anyklanandygyny mälim etdi. 

Ministrlik Günorta Koreýanyň goşunynyň harby uçarlaryny we söweşjeň dikuçarlaryny Demirgazyk Koreýanyň uçarmansyz howa ulaglaryny od açyp ýere gaçyrmak maksady bilen uçmazyndan ozal, duýduryşlar berendigini we duýduryş berip od açandygyny aýan etdi. 

Uçarmansyz howa ulaglarynyň ýere gaçyrylyp-gaçyrylmazlygy bilen bagly maglumat paýlaşylmady. 

Ýaponiýanyň hökümeti we Günorta Koreýanyň Baş ştaby 23-nji dekabrda Demirgazyk Koreýanyň ballistik raketa synagyny geçirendigini habar beripdi. 

ABŞ, Günorta Koreýa we Ýaponiýa, Demirgazyk Koreýanyň täze ýadro synagyna garşy hyzmatdaşlyk etjekdiklerini habar berdi.

Ady agzalýan 3 ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylary, Demirgazyk Koreýanyň ýadro synaglaryndan soň sebitde artadan dartgynlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin ABŞ-da duşuşdy.

Ýonhap habarlar gullugynyň berýän habaryna görä duşuşyga gatnaşan Günorta Koreýanyň wekili Kim Sung Han, Demirgazyk Koreýanyň şu ýyl 6 ýadro synagyny geçirendigini we şol synaglardan 7-nji geçirlen halatynda, degişli jogabyň beriljekdigini aýtdy.

Demirgazyk Koreýa, awgyst aýynyň başyndan bäri jem, 18 raketa synagyny geçirdi.

Koreýa Ýarymadasynyň ýadro synaglaryndan saplanmagyny maksat edinen gepleşikler 2019-njy ýylda bes edilipdi.

Demirgazyk Koreýa şu ýyl ýaňadandan raketa synaglaryny geçirmäge başlapdy.

 

 

 

 

 

Tags