Mar 20, 2023 16:44 Asia/Ashgabat
  • Ýewropa Bileleşiginiň Eýrana garşy duşmançylykly pozisiýasynyň dowamy

Ýewrop Bileleşiginiň Eýrana garşy duşmançylykly we interwensiýa pozisiýalarynyň dowamynda Rumyniýanyň Daşary işler ministri bu bileleşigiň bu ýurda garşy täze duşmançylyk bukjasyny yglan etdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, duşenbe güni Rumyniýanyň Daşary işler ministri "Bogdan Lýusian Aresku" Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda bu Bileleşigiň adam hukuklary bahanasy bilen Eýrana garşy teklip edilýän altynjy bukjany yglan etdi.

Şunuň bilen baglylykda Awstriýanyň daşary işler ministri "Aleksandr Şallenberg" žurnalistlere sekiz eýranlynyň adynyň Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalarynyň täze sanawynda bardygyny aýtdy.

Bu bir ýagdaýdadyr welin Eýran Yslam Respublikasy Günbataryň dahylçylykly häsiýetiniň netijeleri barada birnäçe gezek duýduryş berendir we beýle hereketleriň jogapsyz galmajakdygyny aýdandyr.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani Çafi hem Günbataryň Eýrana garşy alyp barýan hereketleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň jarnamasyna we halkara düzgünlerine we mehanizmlerine ters gelýändigini birnäçe gezek aýdypdy.

Tags