Iňlisiň Eýrana garşy täze sanksiýalary
Iňlisiň Daşary işler ministrligi Eýrana garşy duşmançylykly pozisiýasynyň dowamynda adam hukuklary bahanasy bilen Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaranyna garşy täze sanksiýalari girizdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Iňlis Daşary işler ministrligi şu gün Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň ýedi işgärini adam hukuklary bahanasy bilen Eýrana garşy girizilen sanksiýalar sanawyna goşdy.
Iňlis tarapyndan girizilen sanksiýalara laýyklykda bu adamlaryň bu ýurtdaky emläkleri doňduryldy we Iňlis kompaniýalarynyň we raýatlarynyň olar bilen maliýe amallary gadagan edildi; Bu adamlaryň Iňlise syýahat etmäge hem hukugy ýokdyr.
Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler ministrleri geňeşi hem adam hukuklary bahanasy bilen Eýrana garşy sanksiýalaryň altynjy bukjasyny girizmegi meýilleşdirýär.
Bu bir ýagdaýdadyr welin Eýran Yslam Respublikasy Günbataryň dahylçylykly häsiýetiniň netijeleri barada birnäçe gezek duýduryş berendir we beýle hereketleriň jogapsyz galmajakdygyny aýdandyr.