Azerbaýjanyň Eýrana garşy ýalan aýyplamasy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i21156-azerbaýjanyň_eýrana_garşy_ýalan_aýyplamasy
Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Tährany hiç hili resminama bermezden bu ýurduň parlament agzasynyň janyna kast etmekde günäkärledi.
(last modified 2023-03-31T16:24:21+00:00 )
Mar 31, 2023 21:24 Asia/Ashgabat
  • Azerbaýjanyň Eýrana garşy ýalan aýyplamasy

Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Tährany hiç hili resminama bermezden bu ýurduň parlament agzasynyň janyna kast etmekde günäkärledi.

Soňky aýlarda Azerbaýjan Respublikasy Eýran Yslam Respublikasyna garşy dürli ýollar bilen ýalan aýyplamalar etmäge synanyşdy.

Tähran, Bakuwyň hoşniýetli  goňşyçylyk ýörelgelerine laýyk gelmeýän  we gapma-garşylykly sözlere garşy iki ýurduň arasynda köpden bäri dowam edip gelýän gatnaşyklarda dartgynlygyň höküm sürmeginiň öňüni almaga synanyşdy. Emma bu aýyplamalar Azerbaýjan bilen Ysraýylyň ýakynlaşmagy bilen bir wagtda artýan ýaly.

Azerbaýjan Respublikasynyň mejlisiniň agzasy Fazel Mustafa sişenbe güni agşam Sabunçidäki öýüniň öňünde ýaragly hüjümde iki ok bilen ýaralandy.

IRNA habar gullugynyň anna güni beren habaryna görä, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Aýhan Hajizadeh, Fazel Mustafa garşy geçirilen bu terrorçylyk hereketiniň deslapky derňewlerinde Eýranyň yzlaryny görüp boljakdygyny öňe sürdi.

Bakuw Tährana hiç hili sebäpsiz ýa-da subutnamasyz täze aýyplama bildirdi